Beýik Britaniýada okamak
Geljegiňizi şu gün guruň! Biz Türkmenistanyň talyplaryna Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde ýokary bilim almaga kömek edýäris. Okuw ýerlerine ýüz tutmak, wiza almak, ýaşaýyş jaýy tapmak we okuw bilen bagly ähli proseduralarda doly goldaw berýäris. Iňlis dilini kämilleşdirmegiň, dünýä derejesindäki bilim almagyň we halkara karýeranyň gapysyny açmagyň iň gowy ýoly!
Student Visa
Beýik Britaniýada ýokary bilim almak isleýän talyplar üçin "Student Visa" alynýar.
Biz size:
• Okuwa ýüz tutmak üçin gerekli ähli resminamalary taýýarlaýarys ( maksat haty, diplomlar, IELTS/ dil kepilnamasy ),
• Uniwersitetden kabul hatyny almakda,
• Student wizasyna ýüz tutmakda,
• Wiza üçin gerek resminamalary taýýarlamakda,
• Wiza söhbetdeşligine taýýarlamakda kömek edýäris.
Wiza tassyklanan soň bolsa, aşakdaky başlangyç çärelerde hem ýardam berýäris:
• Uçuş biletleriňizi sargyt etmek,
• Howa menzilinden kabul edilmek (airport pickup) hyzmatlaryny guramak,
• Uniwersitet töwereginde ýaşaýyş jaýy tapmak,
• Uniwersitetiň başlyklyk (orientation) programmalaryna ýazylmak,
• Beýik Britaniýada ilkinji çäreleriňizi meýilleşdirmek (lukmançylyk hasaba alyş – GP bilen, bank hasaby açmak, talyp kartlaryny almak we ş.m.)
Student wizasynyň baş artykmaçlyklary
• Işlemek mümkinçiligi:
Talyp wagtyňyzda hepdede 20 sagat işläp bilersiňiz. Bu, täze tejribe toplamak, gündelik çykdajylaryňyzy ýapmaga kömek etmek we iş dünýäsine taýýarlanmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Talyp wagtyňyzda hepdede 20 sagat işläp bilersiňiz. Bu, täze tejribe toplamak, gündelik çykdajylaryňyzy ýapmaga kömek etmek we iş dünýäsine taýýarlanmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
• Okuwdan soň galmak hukugy (Graduate Visa):
Diplom alanyňyzdan soň, iki ýyllyk "Graduate Visa" arkaly Britaniýada galyp, doly wagtly işlemegiňiz mümkin. Bu döwürde siz öz karýeraňyzyň ilkinji ädimlerini daşary ýurt tejribesi bilen başlap bilersiňiz.

• Bank hasaby we beýleki resmi çäreler:
Student wiza bilen siz ýerli bankda hasap açyp bilersiňiz, talyp kartlaryna (transport, kitaphana, we ş.m.) eýe bolup bilersiňiz we ýaşaýyş üçin zerur resmi çäreleri rahatlyk bilen ýerine ýetirip bilersiňiz.

• Halkara tejribe we dil kämilleşdirmek:
Iňlis dilinde bilim almak bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplar bilen bile okap, medeniýetara aragatnaşyk ukyplaryňyzy ösdürip bilersiňiz.
Iňlis dilinde bilim almak bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplar bilen bile okap, medeniýetara aragatnaşyk ukyplaryňyzy ösdürip bilersiňiz.
•Täze durmuşa uýgunlaşmak üçin goldaw:
Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň köpüsi halkara talyplara ýörite goldaw hyzmatlaryny hödürleýär – psihologik goldaw, akademiki maslahat beriş, ýaşaýyş we iş mümkinçilikleri barada maglumat.
Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň köpüsi halkara talyplara ýörite goldaw hyzmatlaryny hödürleýär – psihologik goldaw, akademiki maslahat beriş, ýaşaýyş we iş mümkinçilikleri barada maglumat.
---------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
TOURIST Visa (Standard Visitor Visa)
Beýik Britaniýa diňe okuwa däl, gezelenç yada gysga wagtlaýyn maksatlar üçin sapar etmek mümkinçiligi berýär. Syýahatçylyk wiza bilen siz ýurduň medeniýeti, ýaşamak şertleri we bilim edaralary bilen ýakyndan tanyşyp bilersiňiz.
Wizanyň möhleti:
Adatça 6 aýlyk berilýär. Emma birnäçe ýagdaýda 2 ýyllyk, 5 ýyllyk ýa-da 10 ýyllyk wizalar hem berlip bilner (her sapar iň köp 6 aý galmak hukugy bilen)
Biz nämä kömek edýäris?
• Wiza ýüz tutmak üçin ähli resminamalaryň taýýarlanmagy,
• Syýahat maksatlaryňyza laýyk dokumentleri dogry görnüşde düzmäge,
• Uniwersitet saparlary üçin ýörite çakylyk hatlaryny üpjün etmäge,
• Myhmanhana ýa-da ýaşaýyş jaýy bronlamakda,
• Syýahat üçin amatly ýol meýilnamasyny taýýarlamakda doly kömek berýäris.