Amerikada bilim – Ýürekden islenýän mümkinçilikler ýurdy!
Biz ABŞ-nyň abraýly uniwersitetlerine kabul bolmak üçin ähli ädimlerde size ýardam edýäris. Talyplar üçin okuwa ýazylmakdan başlap, talyp wizasyny almak, ýaşaýyş bilen bagly meseleleri çözmek ýaly ähli etapda ýanyňyzda bolýarys. Amerikada okamak – täze mümkinçiliklere açylan giň ýol!
STUDENT VISA - Dil okuwlary (Language Courses)
ABŞ-da iňlis dilini öwrenmek — halkara aragatnaşyk başarnygyny ösdürmegiň we geljekki akademiki ýa-da karýera üstünlikleriniň esasyny gurmagyň iň täsirli ýollarynyň biridir.

Biz nämä kömek edýäris?
         • Dil kurslaryndan resmi teklip almak (acceptance letter),
         • SEVIS tölegini tölemek we degişli resminamalary taýýarlamak,
          DS-160 görnüşini doldurmak (onlaýn wiza ýüz tutma görnüşi),
         • Wiza üçin ähli resminamalary taýýarlamak,
         • Wiza söhbetdeşligine taýýarlanmak — mümkin bolan soraglara jogap taýýarlamak we üstünlikli çykyş etmegiň usullaryny öwretmek.

Dil kurslarynyň artykmaçlyklary:
          • Iňlis dilini ýerinde öwrenmek bilen tiz ösüş gazanmak,
          • Dürli ýurtlardan gelen talyplar bilen halkara gurşawda okamak,
          • ABŞ-nyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak,
          Okuwdan daşary gezelenç we durmuş tejribesi edinmek.

------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
Tourist Visa - (Syýahatçylyk wiza - B1/B2)
 Eger siz diňe gezelenç etmek ýa-da gysga möhletli maksatlar üçin ABŞ-a gitmek isleýän bolsaňyz, B1/B2 wiza görnüşi size laýyk!

Biz nämä kömek edýäris?
          1. DS-160 görnüşini dogry doldurmakda kömek edýäris:
          2. Wiza üçin gerekli ähli resminamalary taýýarlamak:
                 Bank kepilnamasy,
                 Syýahat meýilnamasy,
                 Myhmanhana ýa-da ýaşaýyş bronlary.

          3. ABŞ ilçihanasyndaky söhbetdeşlige taýýarlamak:
                Ýüzlenilýän soraglara jogap türgenleşikleri,
                Gerekli geýim we düzgün maslahatlary

         4. Syýahat meýilnamasy düzmek:
                Uçuş biletleri barada maslahat,
                Şäherler boýunça sapar ugurlaryny meýilleşdirmek,
                Myhmanhana bronlamak

        5. ABŞ-da bolanyňyzda başlangyç goldaw:
              Dil merkezine ýa-da sapar ugruna degişli maglumatlar bermek,
              Gyssagly soraglar üçin aragatnaşyk liniýasy.


Syýahatçylyk wizasyyň artykmaçlyklary:
          • ABŞ-nyň meşhur şäherlerini we syýahat ýerlerini gezmek (New York, Los Angeles, San Francisco we ş.m.),
          • Dil okuwlaryna gatnaşmak (6 aýdan az dowam edýän),
           Uniwersitet saparlaryna gatnaşmak we ýurdunyň bilim ulgamyny içgin öwrenmek,
          • Maşgala agzalary ýa-da dostlaryňyz bilen duşuşmak.



Back to Top